img

Biziň önümlerimiz

Gartario

PSB firmasynyň garamagynda Ispaniýa degişli bolan birgörnüşdir.

Ir hasyl berýän, bol miweli, datly, miwesiniň etli bölegi sarymtyl we dokgyzyl üns çekiji nektarin görnüşidir. Ir güllemegine garamazdan ýazky doňaklara çydamlydyr. Agaç sütüni berk we dik ösýändir. Territoriýada lyun aýynyň başlaryna hasyl alynjagy çaklanylýar. Umuman 1071 sany ekiljek görnüş bolup, g tutýan meýdany bolsa 0.84 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 4-5 ýyl soňra) 25 tonna töweregi miwä garaşylýar.


Fresh Rock

Ispaniýa degişli bolup Extreme seriýasy örän gowy görnüşdir. Agaç sütüni örän berkdir we hasyly boldyr. Giç gülleýänligi sebäpli ýazky doňaklara täsirsizdir. Miwesi ýalpyldawuk gyzyl we üns çekijidir. Miwäniň etli bölegi sarymtyl we datlydyr. Territoriýada lyun aýynyň ortalaryna hasyl alynjagy çaklanylýar. Umuman 952 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 0.74 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 4-5 ýyl soňra) 19 tonna töweregi miwä garaşylýar.


Extreme Red

Ispaniýa degişli bolup Extreme seriýasy örän gowy görnüşdir. Miweleri agajyň üstünde uzak wagt saklanyp bilýär. Ammarda saklamak örän aňsatdyr. Orta görnüşde gülleýändigi sebäpli ýazky doňaklarda zyýan çekmek ähtimallygy pesdir. Agaç sütüni gaty berkdir, gapdallaýyn giňiş şahalanýan we bol hasyllydyr. Miwäniň etli bölegi sarymtyl we datlydyr. Territoriýada lyul aýynyň başlaryna hasyl alynjagy çaklanylýar. Umuman 952 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 0.74 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 4-5 ýyl soňra) 19 tonna töweregi miwä garaşylýar.