img

Biziň önümlerimiz

Chojuro

Iri miweli, gaty we suwly bir görnüşdir. Ammarda uzak wagt saklanyp bilinýär. Miwesi 300-500 gram töweregidir. Güne ýanmagy ähtimallygy sebäpli agaçlaryň üstünde tor sistemasynyň ulanylmagy maslahat berilýär. Territoriýada sentýabr aýynyň soňlaryna hasyl alynjagy çaklanylýar.

Umuman 52.360 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 40.92 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 1250 tonna töweregi miwä garaşylýar.


Kosui

Miwäniň iriligi ortaça bolup, gaty, suwly we ysly bir aziýa görnüşidir. Miwäniň şekli birmeňzeş we tegelekdir. Üstündäki lentiselalar ünsiňi çekýändir. Sowadyş ammarynda uzak wagt saklanylyp bilner. Agaç sütüni berkdir we dik ösýandir. Proýekt görä chojuro görnüşine tozanlaşdyryjy hökmünde ulanyljakdyr. Territoriýada awgust aýynyň soňlaryna hasyl alynjagy çaklanylýar.

Umuman 10.710 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 8.73 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 260 tonna töweregi miwä garaşylýar.