img

Biziň önümlerimiz

Rosy glow

Gripps Pink görnüşiniň mutasýasy bolup, dok gyzyl reňki bardyr. Oktýabr aýynyň başynda hasyl berýändir. Üns çekijiligi we çydamlygy örän ýokarydyr. Agaç sütüni berk we dik ösýändir. Bol hasyl berýändir. Ammarda saklanmagy aňsatdyr. Umuman 9044 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 3.53 gektarlykgöwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 110 tonna töweregi miwä garaşylýar.


Scarletspur

Red delicious mutasýasy bolup, bol hasyl berýän görnüşdir. Agaç sütüniniň ösüşi biraz ýuwaşdyr. Şonuň üçin ýokary derejede hasyl alyp bilmeklik üçin has güýçli düýp ştilini saýlamalydyr. Proýekta görä M9 düýp ştilinden has ýokary bolan MM 106 düýp ştiline sapylan ştiller ulanmak göz öňünde tutulýar. Miwesiniň daşky reňki gyzyl bolmagyna garamazdan gün ýanmagyna uçrap biler. Şonuň üçin miweleriň üstünde gurnaljak tor sistemasyny ulanmak maslahat berilýär. Sentýabr aýynyň ortalarynda hasyl berýär. Ammarda saklanylmagy aňsatdyr. Umuman 3570 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 1.39 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly haşyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 45 tonna töweregi miwä garaşylýar.

 


Ginger gold

lyul aýynyň soňlaryna hasyl berýän "Golden" görnüşlidir. Ir hasyl berýändir. Territoriýada lyun aýynyň başlaryna hasyl alynmagyna garaşylýar. Ammarda 3-4 aý töweregi saklap bolar. Miwesiniň hili ýokarydyr. Ammarda saklanylyp bilinjek wagty gysga bolanlygy sebäpli we beýleki miweleriň ýa-da gök-önümleriň bol bolýan mahaly hasyl berýänligi üçin köp mukdarda öndürmek kän maslahat berilmeýär. Yssy howalarda agaçlaryň üstüni örtýän tor sistemasy ulanylmagy amatly bolar. Umuman 9044 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 3.53 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 120 tonna töweregi miwä garaşylýar


Granny Smith Challenger

Granny Smith görnüşiniň has ir hasyl berýän we bol miwe berýän bir mutasýasydyr. Miweniň hakyky reňki bolan ýaşyl reňki we gün ýanmagyndan gorap bilmek üçin kölege ýagny tor sistemasyny ulanmalydyr. Agaç sütüni berk ösýändir. Umuman 3570 sany ekiljek görnüş bolup, tutýan meýdany bolsa 1.39 gektarlyk göwrüme eýedir. Doly hasyl berende (ekilenden 5-6 ýyl soňra) 45 tonna töweregi miwä garaşylýar.


Crabapple

Alma ýetişdirilmeginde diňe tozanlaşdyryjy maksatly ulanylýan görnüşlere diýilýär. Bular bol mukdarda we her ýyl gül açýandyrlar. Agaç şahalary kän ulalmaýanlygy sebäpli esasy ekiljek alma görnüşleriň aralaryna ekilýändir. Parsellerde tozanlaşdyryjy bir täjirçilik görnüş ulanylmagyna mätäçlik duýulmaýandygy üçin diňe bir görnüşli parseller gurulmagyna mümkinçilik döredýär.